Repçi Lil Nas X-iň Montero» klibi «Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy» boldy

  • 15.09.2021 12:29
  • 3.4k+

Amerikaly rep aýdymçysy Lil Nas X-iň Montero aýdymy üçin düşüren klibi MTV tarapyndan “Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy” diýlip yglan edildi. Ol iň gowy režissýorlyk işi üçin hem baýraga mynasyp boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Repçi Lil Nas X MTV Video Music Awards-da (MTV VMA) “Ýylyň wideosy” kategoriýasynda “Kiss me More” klibi bilen ýerine ýetiriji Doja Cat-den, “Bad Habits” bilen Ed Şirandan, “Save Your Tears” treki bilen The Weeknd toparyndan, “WAP” aýdymy bilen ýerine ýetirijiler Cardi B bilen Megan Pitiden (Megan Thee Stallion), şeýle-de “Popstar” kompozisiýasy bilen aýdymçylar DJ Khaled bilen Dreýkden üstün çykdy.
Şeýle-de, MTV VMA-nyň emin agzalary “Montero” klibi “Iň gowy režissýorlyk işi” baýragyna-da mynasyp diýen netijä geldiler.

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....