Xiaomi özüniň ilkinji akylly äýnegini çykarar

  • 15.09.2021 07:11
  • 8.6k+

Xiaomi şu gün — 15-nji sentýabrda uly çäre geçirmegi meýilleşdirdi. Onuň dowamynda ol Xiaomi 11T seriýasyny yglan eder. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Çäräniň tizerinde adam gözi şekillendirilipdir we onda "Geljegi görmek" diýlen ýazgy ýerleşdirilipdir. Ygtybarly insaýder hasaplanýan “Digital Chat Station”-yň pikiriçe, täze önüm hiç hili smartfon bilen baglanyşykly bolmaz. Ol akylly äýnek bolar.

Xiaomi-niň bu akylly äýnekleri Dior kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykarmagynyň mümkindigi hem agzalýar.

Ýadymyzda bolsa, ýakynda Facebook hem Ray-Ban bilen bilelikde döreden akylly äýnegini tanyşdyrypdy. Netijede, Xiaomi-niň bu arenada olar bilen bäsleşmek isleýän bolmagy-da mümkin. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli täze önüm barada has jikme-jik maglumat ýok we onuň nähili artykmaçlyklarynyň boljakdygy heniz belli däl.


düýn 13:39
4.4k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar...

27.11.2025 10:26
1.3k+

Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy...

11.11.2025 15:19
3.8k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.4k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...