Samsung «geljegiň displeýini» oýlap tapdy

  • 12.09.2021 08:03
  • 12k+

Samsung üç ölçegli şekili görkezmäge ukyply bolan displeýiň prototipini hödürledi. Bu barada Koreýanyň “ET News” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Bu oýlap tapyş golçur kompaniýasy Samsung Display tarapyndan Seuldaky sergide görkezildi. Uzalýan ekranyň prototipiniň diagonaly 13 dýuýma barabar. Displeýiň matrisasy birnäçe tarapa öwrülip we eplenip bilýär. Şeýlelik bilen, ol 3D-mazmuny iki ölçegli ekranda görkezýär.

Görkezilen wideo görä, Koreýanyň korporasiýasy tarapyndan hödürlenen “geljegiň displeýiniň” matrisasy şekillendirilýän mazmuna baglylykda ýokary galyp, uzalýar. Tehnologiýanyň görkezilişi hökmünde inženerler wulkan lawaly wideony görkezdiler. 

“Ekran görkeziljek 2D mazmunyň üç ölçegli şekillendirilişini döretmek bilen, fiziki taýdan ýokary galýar we aşak düşýär” – diýip, awtorlar belledi.

Samsung-yň wekilleriniň aýtmagyna görä, şeýle görnüşli ekranlary dakylýan gurluşlarda, zatlaryň interneti dewaýslarynda (Internet of Things, IoT), akylly awtomobillerde ulanmak bolýar. Şeýle-de, uzalýan ekran mümkinçiligi çäkli we göreji gowşak bolan adamlar üçin smartfon döretmekde-de ulanylyp bilner.  


şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

12.05.2026 18:37
1.2k+

Samsung Galaxy Watch6 huşdan gitmegi öňünden çaklamagy öwrendi

Samsung kompaniýasy Galaxy Watch6 akylly sagatlarynyň wazowagal huşdan gitme ýagdaýyny (çaşmaklyk) bäş minut öňünden 84%-den gowrak takyklyk bilen çaklap bilýändigini habar berdi....

12.05.2026 15:04
1.3k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
927

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....