Mýunhende IAA halkara awtoulag sergisi açyldy

  • 09.09.2021 00:38
  • 5.5k+

Sişenbe güni Mýunhende 69-njy IAA Mobility halkara awtoulag sergisi öz işine başlady. Esasy ugry elektrikli awtoulaglara gönükdirilen bu sergi Germaniýanyň kansleri Angela Merkel tarapyndan açyldy. Bu barada tass.ru habar berdi.

"Häzirki wagtda pandemiýa şertlerinde biz welosipedlere bolan islegiň görnetin artýandygyna şaýat bolýarys" diýip, GFR-iň hökümetiniň başlygy belledi. Şeýle diýmek bilen, ol elektrikli tigirleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Sergide jemi 600-e golaý kompaniýa, şol sanda ilkinji gezek 70-den gowrak welosiped öndürijisi öz önümlerini hödürleýär. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara welosipedleri Mýunhen şäheriniň çäginde synap görmäge mümkinçilik berilýär.

Mýunhen sergisi koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri Germaniýada geçirilen ilkinji iri çäreleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkel bu awtoulag sergisini "umyt alamatyna" deňedi.

"Uzaga çeken pandemiýa döwri agyr geldi we häzir hem şeýle bolmagynda galýar, wirus adamlaryň ömür tanapyny kesdi we öňküsi ýaly, bizden çäklendirmeleri we kanagatlylygy talap edýär. Ykdysadyýet hem hakykatdan-da kyn günleri başdan geçirmeli boldy" diýip, Merkel belledi. Şol bir wagtyň özünde ol nemes awtoulag öndürijileriniň öz kärhanalarynda ýokançlygyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin "köp iş edendigini" nygtady.


04.07.2025 18:45
8.8k+

Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?

Gras Tehniki uniwersitetiniň we Bonndaky institutlaryň biriniň nemes alymlary tormoz çyralaryny diňe yzda däl, eýsem, awtoulaglaryň öňünde hem oturtmaklyk ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler diýen netijä geldiler diýip, CarBuzz habar berýär...

19.06.2025 10:29
4.4k+

MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär...

20.05.2025 10:50
3.8k+

Swikkaudaky Volkswagen zawody millionynjy elektromobili çykardy

Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawod möhüm sepgide ýetdi - konweýerden millionynjy elektromobil çykdy. Ol Kings Red Metallic reňkine eýe bolan Volkswagen ID.3 GTX Performance boldy. Bäş ýarym ýylyň içinde zawod içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwrüp, elektromobil önümçiligine geçdi...

17.04.2025 11:38
1.6k+

Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy

Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar...