Türkmenistanyň täze Hökümet münberinde Merkezi Aziýada iň uly multimedia ekrany goýuldy

  • 06.09.2021 08:43
  • 17k+

Merkezi Aziýada iň uly — 120×12 metrlik ekran Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Türkmenistanyň täze Hökümet münberiniň öňünde oturdyldy. Bu barada “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň www.vozr.ru resmi internet saýtynda habar berilýär.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze Hökümet münberini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda — 16-njy sentýabrda açmak meýilleşdirilýär.  

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu desgany Fransiýanyň meşhur “Bouygues” kompaniýasy bina etdi. Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolsa münbere barýan ýoluň hem-de onuň öňündäki meýdançanyň gurluşygyny alyp bardy. Hökümet münberinde dürli görnüşli iri köpçülikleýin çäreleri geçirmek mümkin. Şu maksat bilen, desga bina edilende, Aşgabadyň gözelliklerini töwerekleýin synlamaga mümkinçilik berýän uly bolmadyk belentlik saýlanyp alyndy.

Ýeri gelende bellesek, Hökümetiň sanly ulgam arkaly 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa türkmen Liderine Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, Aşgabatda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

16-njy sentýabrda açylmagy göz öňünde tutulýan desgada häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.


05.12.2025 17:42
2.9k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 09:26
10k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...

04.12.2025 13:46
11k+

Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir...

04.12.2025 06:52
10k+

Kosmonawt Kononenko Ýere dolanmazdan öň hemişe şol bir kitaby gaýtadan okaýar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,  Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygy Oleg Kononenko RBK neşirine beren interwýusynda Ýere dolanmazdan öň öz edýän aýratyn işleriniň we şahsy däbiniň jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi...