Ejima Kiýoşi: «Ýapon kompaniýalary türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge has işjeň gatnaşarlar»

  • 04.09.2021 18:38
  • 6.2k+

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna ýaponiýaly myhmanlardyr işewürler hem gatnaşdylar. Şolaryň arasynda öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi hem bar.

Iri elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda Ejima Kiýoşi çykyş edip, bu taslamanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şol ýylyň oktýabr aýynda “Sumitomo” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi.

«Täze elektrik stansiýasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi bizi begendirýär. Ol Watanynyň şanly senesini bellemäge taýýarlanýan hemmeler üçin baýramçylyk sowgadydyr.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek babatda soňky ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi ýurtlarymyzyň ysnyşykly ykdysady gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge ygrarlydygyndan habar berýär» diýip nygtamak bilen, Ejima Kiýoşi ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň barşynda gazanylan täze ylalaşyklar munuň subutnamasydyr. Şonda “ITOCHU” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Komatsu” gurluşyk tehnikalaryny getirmek hakynda hem-de “Sumitomo” korporasiýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda “Toyota” kysymly ýeňil awtoulaglaryň we awtobuslaryň getirilmegi hakynda ylalaşyklara gol çekildi.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......