Kriştianu Ronaldu «Mançester Ýunaýtedde» 7-lik belgide çykyş eder

  • 04.09.2021 07:58
  • 12k+

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu iňlis “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde ýedilik belgili futbolkada oýnar. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Portugaliýaly oýunçy Mançesteriň topary üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli çykyş etdi, şonda-da ol ýedilik belgide oýnapdy. Ronaldunyň gelmezinden öň bu belgi urugwaýly oýunçy Edinson Kawanä degişlidi. Hüjümçi 21-lik belgini aldy. “Mançester Ýunaýted” üçin ýedilik belgili futbolkada Jorj Best, Braýan Robson, Erik Kantona, Dewid Bekhem, Andreý Kançelskis ýaly futbolçylar oýnady.

“Men ýene ýedilik belgini almaga mümkinçiligiň bardygyna ynamym ýokdy, şol sebäpli men bu hereketi üçin Kawanä çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär”- diýip, “Realda” we “Ýuwentusda” ýedilik belgide oýnan Ronaldu belleýär.

27-nji awgustda “Mançester Ýunaýted” 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň geçmegi barada “Ýuwentus” bilen ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Ronaldu bilen şertnama ýene bir möhlete uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyla niýetlenýär.


şu gün 12:16
753

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.9k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....