Türkmen Lideri ýaşlaryň arasyndan meşhur alymlaryň, taryhçylardyr arheologlaryň çykjakdygyna ynam bildirdi

  • 04.09.2021 07:18
  • 5.1k+

«Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir» diýmek bilen, türkmen Lideri Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy sapagynyň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy barada giňişleýin gürrüň etdi.

Türkmen Lideri birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şa döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriniň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň anyk delilleri bolup durýandygyny nygtap, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir — diýip, aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, türkmen topragy gadymyýetden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekanydyr. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherler döräpdir. Ol şäherler durmuşyň gülläp ösen ýerleri, iri ylym-bilim merkezleri bolupdyr. Kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlarydyr kitaphanalary bilen şöhratlanan mukaddes topragymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografik we ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet babatda hem Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlendigini, şeýlelikde, şol döwletlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlardyr akyldarlaryň dörändigini aýdyp, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabymda döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlaryny beýan edendigini ýatlatdy we olary okuwda, işde, durmuşda kada edinmek üçin ýaşlara ýene bir gezek aýdyp berdi: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn».


şu gün 10:10
1.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......