Ilkinji gezek Google-yň programma dükanynyň girdejileri aýan edildi

  • 03.09.2021 07:20
  • 7.1k+

Google-yň garşysyna gozgalan nobatdaky monopoliýa garşy işiň çäginde ilkinji gezek Google Play programma dükanynyň maliýe görkezijileri aýan edildi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Käbir “Android” programma döredijileri abuna we mazmun (kontent) satylanda, Google-yň olary öz töleg gurallaryny ulanmaga mejbur edýändigi we her satuwdan 30%-e çenli tutum tutýandygyny üçin nägileliklerini bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda gozgalan monopoliýa garşy işiň çäginde aýan edilen resminamalara laýyklykda, programma dükany diňe 2019-njy ýylyň özünde 11,5 milliard dollar girdeji gazanyp, umumy girdejisi 8,5 milliard dollara, amallardan gelýän girdejisi bolsa, takmynan, 7 milliard dollara barabar boldy. Bu girdeji programma satuwyndan, programmanyň içindäki söwdalardan we mahabatlardan gelýän girdejini öz içine alýar.


13.02.2026 10:58
2.9k+

Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi...

12.02.2026 11:34
1.9k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...