SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna garynjalary, awokadony we roboty iberdi

  • 03.09.2021 07:18
  • 6.5k+

SpaceX kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna garynjalary, awakado we adamboýy robot goly iberdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Şeýle ýük bilen, köp gezek ulanmak üçin niýetlenen “Falcon” raketasy NASA-nyň Kennedi kosmos merkezinden uçdy. “Dragon” apparaty aýrylandan soň, raketa “SpaceX”-iň okean platformasyna dikligine gondy.

“Dragon” gämisi iki tonnadan gowrak ýük daşap bilýär we bu ugradylan zatlar kosmonawtlar we synaglar üçin niýetlenen zatlardyr diýip, habar berilýär. Awokado, limon we doňdurma ýaly önümler stansiýadakylaryň iýmitine goşular. Garynjalar käbir synaglary geçirmekde ulanylar. Robot gol bolsa astronawtlaryň adatça edýän käbir işlerini ýerine ýetirmäge synanyşar.

Bellenilmegine görä, gämi ikinji synanyşykda şowly uçurylypdyr. Olaryň birinjisi howanyň ýaramazlygy sebäpli başa barmady diýlip, habar berilýär.


05.07.2025 14:09
2.7k+

ABŞ ýene-de hususy kosmos gämilerini uçurmak boýunça rekordy täzeledi

ABŞ bir aýda amala aşyrylan täjirçilik kosmos uçuşlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy. Federal raýat awiasiýa edarasynyň (FAA) maglumatlaryna görä, iýun aýynda amerikan kompaniýalary jemi 21 uçuşy amala aşyrdy diýip, Space...

03.07.2025 22:41
1.9k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli geçirdi. Ýubileý uçuşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Raketa göterijisi Starlink hemralarynyň täze tapgyryny orbita çykardy...

28.06.2025 12:42
9k+

Aý raketasy üçin döredilen täze gaty ýangyçly tizlendiriji synag wagty partlady

26-njy iýunda Northrop Grumman kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky synag meýdançasynda «Artemis IX» Aý missiýasy üçin niýetlenen SLS raketasynyň täze gaty ýangyçly tizlendirijisiniň synagy geçirildi. Işe girizilmeginden iki minut hem geçmänkä we otlaýyş prosesiniň tamamlanmagyna on sekunt galanda, enjamyň soplosy döwlüp, ýangyn döredi...

27.06.2025 18:11
5.6k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...