Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdy

  • 02.09.2021 07:30
  • 10k+

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde sapar bilen bolup, ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birnäçe gepleşikleri geçirýär. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýtynda maglumat berilýär.

Hususan-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet ministri Ahmed Al Saýyk, şeýle-de BAE-niň energetika we senagat işleri boýunça ministri Suheýl Al Mazrui bilen duşuşyklary geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar şeýle-de Owganystandaky häzirki ýagdaýlar bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şeýle hem 31-nji awgustda türkmen wekiliýeti BAE-niň «Mubadala» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi hem-de taraplar maýa goýum, maliýe we gazhimiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......