Туркменистан предложит ГА ООН учредить ряд международных инструментов для борьбы с коронавирусом

  • 01.09.2021 12:51
  • 40k+

Mälim bolşy ýaly, türkmen metbugatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary dolulygyna çap edildi. Pandemiýa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek şol garaýyşlaryň esasylarynyň hatarynda kesgitlendi.

Türkmenistan BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň umumy howpa garşy göreşmekde jebisliginiň we raýdaşlygynyň ähmiýetini belläp, koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseleleriň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar hem-de bu ugurda birnäçe başlangyçlary öňe sürýär:

Hususan-da:

  • Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny;
  • Öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny;
  • Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini;
  • Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak baradaky teklipleri hödürleýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasynyň düzgünlerine esaslanyp, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmek maksat edinilýär.


10.05.2026 18:46
4.2k+

Глава ВОЗ: Хантавирус не станет вторым COVID-19

Генеральный директор Всемирной организации здравоохранения (ВОЗ) Тедрос Адханом Гебрейесус официально заявил, что хантавирус не представляет угрозы уровня пандемии COVID-19....

09.04.2026 20:12
8.6k+

Грандиозный веломарафон объединил жителей всех уголков Туркменистана

Массовые велопробеги и другие спортивные мероприятия по случаю Всемирного дня здоровья прошли не только в Ашхабаде, но и в городе Аркадаг, а также во всех велаятах страны....

08.04.2026 07:19
8.1k+

​Президент Туркменистана возглавил массовый велопробег в честь Всемирного дня здоровья

​Сегодня президент Сердар Бердымухамедов принял участие в массовом велопробеге, приуроченном к Всемирному дню здоровья, сообщает информационная программа «Watan». ...

04.04.2026 15:19
7.4k+

В Ашхабаде пройдет массовый инклюзивный забег в честь Дня Европы

11 апреля в Ашхабаде пройдет массовый инклюзивный забег на разные дистанции, приуроченный ко Дню Европы....