Formula-1 Belgiýadaky ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin düzgünnamany üýtgeder

  • 01.09.2021 12:39
  • 7.1k+

Netijeleri howpsuzlyk awtoulagynyň yzyndan bir aýlawyň jemi boýunça jemlenen Belgiýanyň Gran-prisinden soň “Formula-1-iň” sport düzgünleri üýtgäp biler. 

Autosport žurnalynyň maglumatlaryna görä, Formula-1-iň ýolbaşçylary toparlar we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) bilen gepleşik geçirmek isleýär. F-1-iň ýolbaşçysy Stefano Domenikali bu ýagdaýyň gowy däldigi bilen ylalaşýar we düzgünlerdäki mümkin bolan üýtgeşmeleri gyzyklanýan taraplar bilen maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar diýip, sports.ru belleýär. 

Üýtgeşmeleriň bir görnüşi – ýaryşyň netijelerini diňe sürüjiler aýlawy söweş režiminde geçen ýagdaýynda jemlemeli ýa-da Gran-prini giçki möhlete geçirmegiň tertibini bellemeli. Üýtgeşmeler “F-1-iň”, FIA-nyň we toparlaryň goldamagyny talap edýär.

Ýatlap geçsek, Belgiýanyň Gran-prisi ýagyş sebäpli saklandy. Maks Ferstappen (“Red Bull”) ýeňiji diýlip yglan edildi.


şu gün 16:43
419

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...

düýn 19:17
1.7k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

08.03.2026 15:59
1.8k+

Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi

«Mersedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry bolan Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy, italiýaly Andrea Kimi Antonelli eýeledi...

03.03.2026 11:39
1.1k+

Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy

PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi...