BSGG täze okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň ýüzbe-ýüz görnüşinde okadylmagyna çagyrdy

  • 31.08.2021 11:11
  • 22k+

BSGG-niň Ýewropa býurosy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdepleriň açyk bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmäge çagyrýar. Bu barada BSGG-niň Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýugeniň beýanatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

“Millionlarça çaganyň mekdeplere gaýdyp barýandygy üçin, BSGG-niň Ýewropa býurosy we ÝUNISEF mekdepleriň açyk bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmäge çagyrýar. Mekdepleriň ýapylmagy okuwa ýetişigi peseldýär, çagalaryň okuwy taşlamak ähtimallygyny ýokarlandyrýar, bu olaryň psihiki saglygyna täsir edýär. Soňky 20 aýyň dowamynda biziň çagalarymyz, aýratyn-da öňden gowşak bolan we sanly bilimden peýda alyp bilmedikler uly kynçylyk çekdi” – diýip, Ýewropa býurosynyň direktory belleýär.

Klýugeniň aýtmagyna görä, bir ýyl mundan öňki ýagdaýdan tapawutlylykda, häzirki wagtda ýurtlar çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ukyply. Mekdepleri açmak üçin zerur çäreleriň biri mugallymlaryň we mekdep işgärleriniň, şeýle-de 12 ýaşdan uly çagalaryň sanjym almagydyr. Şeýle-de, bu sanitariýa we el arassaçylygy, howa çalşygy, kiçi göwrümli synp otaglary, fiziki araçäk, örtükler (zerur bolsa) we çagalaryň hem-de işgärleriň yzygiderli barlagdan geçirilmegi bilen mekdep gurşawyny gowulandyrmakdyr.

“Iň esasy zat, çagalaryň psihiki we sosial abadançylygyny goramakdyr” – diýip, ol belledi.


düýn 23:39
1.2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......