Microsoft Windows 11-i köne prosessorly kompýuterlere gurnamaga mümkinçilik berýär

Microsoft Windows 11-i köne prosessorly kompýuterlere gurnamaga mümkinçilik berýär

Microsoft köne kompýuterleri bolan ulanyjylaryň Windows 11 operasion sistemasyny gurnap biljekdiklerini habar berdi. Kompaniýa munuň prosessory we beýleki enjamlary gorag protokollary sebäpli täze OS bilen resmi taýdan gabat gelmeýän personal kompýuterlere degişlidigini aýdýar diýip, cybersport.metaratings.ru belleýär.

Sistemany Windows Update arkaly gurnamak üçin sekizinji nesil Intel-den ýa-da AMD Zen 2-den pes bolmadyk prosessor bolmaly. Microsoft şeýle talaplary kiçi model prosessorlarynyň goraglylygynyň gowşaklygy bilen düşündirýär.

Şeýle-de, kompaniýa Windows 11 operasion sistemasyny ISO-faýl arkaly gowşak personal kompýuterlere hem gurnamaga mümkinçilik berer. Ýöne Microsoft-yň bu usuly ýaýratmajakdygy habar berilýär, şeýle-de bolsa onuň kömegi bilen OS-y gurnamak bolar. Gurnamak üçin iki we ondan köp ýadroly 64-bitli prosessor (1 GGs), 4 GB operatiw ýat we 64 GB boş ýer gerek. 

Windows 11 24-nji iýunda resmi taýdan anons edildi. Operasion sistemanyň 2021-nji ýylyň güýzünde çykjakdygy habar berilýär. Windows 11-de Android programmalar AMD, Intel we ARM ulgamlarynda işlär.