Günorta Koreýa 2022-nji ýylda Aý orbita enjamyny uçurar

Günorta Koreýa 2022-nji ýylda Aý orbita enjamyny uçurar

Günorta Koreýanyň Aýy öwrenmek boýunça ilkinji kosmos enjamynyň gurluşygy şu ýylyň oktýabr aýynda tamamlanar. Bu barada ýurduň Ylym we informasion-kommunikasiýa tehnologiýalary ministrligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ony indiki ýylyň awgust aýynda uçurmak meýilleşdirilýär. Orbita enjamy ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasy (NASA) tarapyndan döredilen ýokary takyklykly kamera bilen üpjün ediler. Ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Artemis maksatnamasyny goldamak üçin bir ýylyň dowamynda Aýyň üsti barada maglumatlary ýygnar. 

2019-njy ýylyň ýazynda NASA üç tapgyrdan ybarat boljak Artemis Aý maksatnamasynyň taslamasyny yglan etdi. Olaryň birinjisi (Artemis 1) Space Launch System (SLS) raketasyna oturdylan Orion gämisiniň Aýyň töweregine dolandyryjysyz uçmagyny we onuň Ýere gaýdyp gelmegini göz öňünde tutýar. Ikinji tapgyr (Artemis 2) bortdaky ekipaž bilen Ýeriň tebigy hemrasynyň töwereginde uçmagy nazarlaýar. Missiýanyň üçünji tapgyrynda (Artemis 3) NASA 2024-nji ýylda astronawtlaryň Aýa gonuşyny amala aşyrmagy, soňra olary 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Marsa ibermegi meýilleşdirýär.

Günorta Koreýa 2021-nji ýylyň maý aýynda degişli şertnama gol çekip, “Artemida” maksatnamasynyň on birinji gatnaşyjysy boldy.