Daniýa 10-njy sentýabrdan koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýatyrar

Daniýa 10-njy sentýabrdan koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýatyrar

Daniýanyň hökümeti mundan beýläk koronawirusa “jemgyýet üçin aýratyn howp” hökmünde garamaz we şol sebäpli öň girizilen çäklendirmeleri aýyrmagy meýilleşdirýär diýlip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda aýdylýar. Edaranyň maglumatlaryna görä, ilatyň 80%-den gowragy koronawirusa garşy doly sanjym aldy. Soňky bir günde ýurtda 925 täze kesel hadysasy ýüze çykaryldy, pandemiýa döwründe 342 474 kesel hadysasy hasaba alyndy.

“Epidemiýa gözegçilik astynda saklanýar, bizde sanjym rekord derejede ýokary. Şonuň üçin 10-njy sentýabrda biz COVID-19-a garşy göreşmek üçin girizilen käbir düzgünlerden ýüz öwrüp bileris” – diýlip, Daniýanyň Saglygy goraýyş ministri Magnus Heunikeniň beýanatynda aýdylýar. Bu barada kommersant.ru belleýär.

Aýratynam, 10-njy sentýabrdan gijeki klublara barmak üçin hökmany bolan “sanitariýa ygtyýarnamasy” ýatyrylar, ol restoranlarda, sport zallarynda we dellekhanalarda hem talap edilmez.

Şol bir wagtyň özünde jenap Heunike Daniýanyň heniz epidemiýadan çykmandygyny belledi we ýagdaý ýaramazlaşan halatynda çäklendirmeleriň ýene-de girizilip bilinjekdigini sözüniň üstüne goşdy.