Höwesjeň arheolog Daniýada bürünç we demir asyryna degişli üýtgeşik şekilli gadymy gylyç tapdy

  • 01.12.2024 19:26
  • 7.4k+

Höwesjeň arheolog Klaus Falsbýu Daniýada gadymy gymmatlyklaryň gizlenen ýerini tapdy. Tapyndylaryň arasynda b.e. öňki 500-nji ýyllara degişli adaty bolmadyk egri gylyç bar diýip, ROMU muzeý birleşigine salgylanýan Heritage Daily habar berýär.

Gadymy gymmatlyklaryň gizlenen ýeri Kopengageniň günbataryndaky Werebro-Odal tebigy gorag meýdançasynda ýerleşýärdi. Bu sebit derýalaryň, batgalyklaryň we suw howdanlaryň ulgamydyr. Klaus Falsbýu batgalygy demir detektory arkaly gözden geçirdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, bu gizlenen ýerdäki zatlar bürünç we demir asyrlaryna degişlidir. Olar däp-dessur gatnaşyklaryny berjaý etmekde ulanylýar. Gylyç söweşe ýaramsyz bolar ýaly ýörite egreldilipdir.
ROMU muzeý birleşiginiň arheology Emil Winter Struwe şeýle sadakalaryň irki we orta bürünç eýýamynda has ýygy duş gelýändigini aýtdy. Gylyç bürünç bilen demir asyrynyň arasyndaky geçiş döwrüne şaýatlyk edýär: tygy bürünçden, deşikdäki berkitmeler metaldan ýasalýar. Belki, şol döwürde Galştat medeniýeti (Galştat medeniýeti takmynan 800-den 400-e çenli Ýewropada bar bolan, Awstriýadaky Galştat ýeriniň adyny göterýän arheologiki medeniýetdir) bolan Alp daglarynyň demirgazygyndaky sebitden getirilen bolsa gerek.
Gylyçdan başga-da ol ýerde iki sany bürünç ok, üç sany topuk bilezigi, uly saça dakylýanyň bölegi (zakolka) we näbelli bir zat bar.
Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde Falsbýu adaty bolmadyk "arça" şekilli bürünç monjugy hem ele saldy. Taryhy gymmatlyk gylyjyň ele salnan ýerinden 70 metr uzaklykda tapyldy.
Tapyndylar möhüm ähmiýete eýe bolup, gadymy Skandinawiýa sebitiniň däp-dessurlaryny aýdyňlaşdyrýar diýip, rbc.ru ýazýar.


19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......