2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Daniýada poçta arkaly iň soňky hat ugradylar

  • 09.03.2025 15:23
  • 5.5k+

Daniýanyň PostNord poçta hyzmaty 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda hat ibermek hyzmatyny bes eder we ünsüni diňe posylkalarda jemlär. Çözgüt sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly: soňky 25 ýylda poçta arkaly kagyz hatlarynyň iberilme mukdary 90%-den gowrak azaldy diýip, The Copenhagen Post neşiri ýazýar.  

Poçta gullugynyň ýapylmagy 1500 iş ornunyň azaldylmagyna sebäp bolar. Şeýle hem, Daniýanyň köçelerinden 1500 sany gyzyl poçta gutusy aýrylar.
Üýtgeşmelere garamazdan, ýurduň içinde hat ugratmak dowam eder. 2024-nji ýylda tenderde döwlet poçta eltip berme şertnamasyny gazanan DAO logistika kompaniýasy bu wezipäni öz üstüne almaga taýyn.
Ýewropadaky poçta hyzmatlary hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýlelik bilen, 6-njy martda Germaniýanyň Deutsche Post-y 8 müň işgäriň işden çykarylandygyny habar berdi. Britan Royal Mail-i hem edil şonuň ýaly kyn maliýe ýagdaýynda. PostNord 40% Daniýanyň hökümetine, 60% Şwesiýanyň hökümetine degişlidir. Kompaniýa 1624-nji ýyldan bäri üznüksiz işleýär.
Bu günki gün Daniýanyň içinde iberiş möhleti bäş güne çenli bolan ugradylýan iň arzan hatyň bahasy 4 ýewrodan sähel arzana düşýär diýip, The Guardian ýazýar. Daşary ýurtlara, mysal üçin goňşy Germaniýa hat ýa-da otkrytka ugratmagyň bahasy  6,70 ýewro töweregi durýar.


18.05.2026 14:53
12k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.2k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

06.01.2026 14:41
9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...