Türkiýede «Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar» atly täze kitap çapdan çykdy

  • 29.08.2021 02:12
  • 9k+

Türkiýede görnükli alymlaryň, edebiýaty öwrenijilerdir taryhçylaryň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar» atly täze kitap çap edildi. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny has içgin öwrenmek maksady bilen neşir edilen kitap akyldaryň adyny göterýän bilim geňeşi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu barada turkmenistan.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Türk dilinde neşir edilip, 410 sahypadan ybarat bolan täze ýygyndyda Magtymgulynyň paýhasly sözleridir jümleleri, maslahatlary beýan edilýär. Ylmy-barlag işiniň birinji bölüminde beýik şahyryň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlar jemlenen. Magtymgulynyň diwanyndan paýhasly setirler hem-de olarda duş gelýän metaforalara düşündirişler ikinji bölümde ýerleşdirilip, dünýä belli edebiýaty öwrenijileriň, şahyrlardyr döwlet we syýasy işgärleriň, alymlaryň Magtymguly hakyndaky aýdanlary kitabyň soňky bölüminde beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Magtymguly Pyragy adyndaky bilim jemgyýeti şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýanynda 2013-nji ýylyň maýynda döredildi. Onuň maksady dostlukly Türkiýede türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyraga degişli maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek hem-de döredijiligini dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylda Türkmenistan görnükli filosofyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden bellär. Onuň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi we ýörite guramaçylyk topary döredildi. 2024-nji ýyla çenli Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, akyldar şahyryň ömrüne we döredijilige bagyşlanan «Magtymguly Pyragy portalyny» döretmek, şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän sanly we görnüşdäki «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», akyldar şahyryň has doly we kämil görnüşdäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, onuň döredijiligine degişli ylmy işlerdir dokumental filmleri, telegepleşikleri yzygiderli taýýarlamak we başga-da ençeme çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.


14.06.2025 10:53
2.4k+

22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk görülýär...

13.06.2025 10:27
8.7k+

Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy

Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar...

24.05.2025 19:27
13k+

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi

2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy...

22.05.2025 20:17
10k+

Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy

Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”...