Türkiýäniň dünýä bazarlaryna mebel eksporty ýokarlanýar

Türkiýäniň dünýä bazarlaryna mebel eksporty ýokarlanýar

Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda mebel we agaç eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim – 3,720 milliard dollara çenli artdyrdy. Bu barada Trend Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär. 

Iýul aýynda Türkiýe 506,593 million dollarlyk mebel we agaç eksport etdi, bu 2020-nji ýylyň şol aýynyň görkezijisinden bir göterim azdyr.

Soňky 12 aýyň dowamynda (2020-nji ýylyň iýul aýy – 2021-nji ýylyň iýul aýy) Türkiýäniň mebel we agaç eksporty 6,282 milliard dollara barabar boldy.