Apple до конца текущего года планирует поставить до 60 млн планшетов

  • 25.08.2021 17:41
  • 3.1k+

Şu ýylyň ahyryna çenli Apple 60 mln planşet kompýuteri bilen üpjün edip biler. Muňa bahasynyň arzan bolmagyna garaşylýan dokuzynjy nesliň täzelenen nusgawy iPad-ynyň hem-de altynjy nesliň düýpgöter üýtgedilen iPad mini-siniň çykmagy ýardam berer diýip, 3dnews.ru habar berýär. 

2020-nji maliýe ýylynda iPad satuwy ösdi. Şu ýylyň ikinji maliýe çärýeginde firma planşetleriniň üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 79 göterim ösüş görkezdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk ýakynda 2021-nji ýylyň ikinji senenama çärýeginiň planşetler üçin üstünlikli bolandygyny we bu döwürde 12,9 mln önümiň satylandygyny belledi.

Sentýabr aýynda arzan bahaly dokuzynjy nesil iPad-yň nusgawy wersiýasynyň anons edilmegini göz öňünde tutsaň, 2021-nji senenama ýylynyň ahyryna çenli Apple planşetleriniň umumy satuw möçberi 60 million birlige ýetip biler diýip, DigiTimes analitikleri belleýärler.

Ýene bir oňyn şert birnäçe üýtgeşmelere eýe boljak täzelenen iPad mini-niň çykmagy bolar: ýörgünli iPad Air ýaly dizaýn, displeýiň töweregindäki kiçeldilen çarçuwalar, “Öýe” fiziki düwmesiniň bolmazlygy we dury däl alýuminden bolan yzky korpus bölegi. Şol bir wagtyň özünde Touch ID daktiloskopik sensor “ýakmak” düwmesine oturdylar.

Ýöne analitikleriň pikiriçe, planşet kompýuterleriniň bazary şu ýyl 5,9%, 37,5 mlrd dollara çenli pese gaçar we bu ýagdaý azyndan 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Şol wagta çenli satuw möçberi 34,3 mlrd dollara çenli azalar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Первые защитные чехлы подтвердили дизайн iPhone 18 Pro и iPhone 18 Pro Max

В интернете появились изображения защитных чехлов для iPhone 18 Pro и iPhone 18 Pro Max, которые, как утверждается, уже прошли финальное согласование дизайна и повторяют контуры будущих смартфонов....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google возглавил рейтинг самых дорогих брендов мира: как выглядит первая «десятка»?

Компания Kantar опубликовала рейтинг BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026. В этом голу самым дорогим брендом мира стал Google, который впервые за четыре года обогнал Apple....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Продажи Xiaomi 17 приблизились к 5 млн устройств

Продажи серии Xiaomi 17 к 18-й неделе 2026 года приблизились к 5 млн устройств, однако показатели линейки остаются значительно ниже результатов iPhone 17 на китайском рынке....

03.05.2026 16:10
3k+

Выручка Apple достигла максимума: спрос на iPhone 17 оказался невообразимым

Apple сообщила о рекордных финансовых результатах за квартал, завершившийся в марте. И всё благодаря высокому спросу на новые iPhone 17....