Russiýanyň Aýa uçuşy 2022-nji ýyla çenli yza süýşürildi

Russiýanyň Aýa uçuşy 2022-nji ýyla çenli yza süýşürildi

«Roskosmos-yň» wekilleri Russiýanyň «Luna-25» stansiýasynyň meýilleşdirilen Aýa uçurylyşynyň şu ýyl amala aşyrylmajakdygyny mälim etdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Aýa uçuşyň yza süýşürilmeginiň kosmos gämisinde goşmaça işleri geçirmek zerurlygy bilen baglanyşyklydygy habar berildi. Ýeri gelende ýatladyp geçsek, “Luna-25” taslamasynyň çäginde Aýyň üstüni öwrenmek we ýumşak gonmak tehnologiýasyny synagdan geçirmek meýilleşdirilipdi. Ozal kosmosa uçuşyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda amala aşyrylmagyna garaşylýardy, ýöne soňra ony indiki ýylyň maý aýyna geçirmek kararyna gelindi.

Geçiriljek goşmaça işleriň çäginde hünärmenler kosmos gämisiniň ähli bogunlarynyň we enjamlarynyň ygtybarlylygyny pugta gözden geçirerler.