Täze iPhone 13-iň köpçülige hödürlenjek wagty belli boldy

Täze iPhone 13-iň köpçülige hödürlenjek wagty belli boldy

Analitik Deniel Aýwz Apple-iň sentýabr aýynyň üçünji hepdesinde iPhone 13-i tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Analitik bu babatda üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere bil baglaýar. Olaryň berýän maglumatyna görä, iPhone 13 ýylyň üçünji çärýeginde ähli Apple smartfonlarynyň gurnamalarynyň 35%-45%-ini emele getirer.

Aýwziň sözleri iPhone 13-iň sentýabr aýynda tanyşdyryljak senesi baradaky ozal ýaýran maglumatlary tassyklaýar. Mundan öňki anonslary göz öňünde tutsaň, onda bu tanyşdyryşyň 14-nji sentýabrda bolmagyna garaşybermeli diýip, çeşme belleýär.

Ozal analitikler täze iPhone-yň bahasynyň köne iPhone 12 bilen deň boljakdygy barada netije çykarypdylar. Hakykatdan hem, Apple bahany ýokarlandyrmaz diýmäge esas bar, sebäbi onuň 2021-nji ýyldaky modelleri 2020-nji ýyldaky modellerinden kän bir tapawutlanmaz.