Gurban Berdiýew gazaklaryň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi belleniler

  • 22.08.2021 10:09
  • 13k+

«Rubin» we «Rostow» futbol klublarynyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň Gazagystanyň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi bellenmegine garaşylýar diýip, matchtv.ru habar berýär. 

Onuň kömekçisi wezipesine «Rostowda» bile işlän Dmitriý Kiriçenko belleniler. D.Kiriçenko eýýäm Almaty şäherine geldi. Häzirki wagta çenli türkmen tälimçisi klubuň göze­gçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezi­pesini ýerine ýetirýärdi.

Belläp geçsek, Berdiýew 1991-1993 hem-de 1994-1995-nji ýyllarda eýýäm «Kaýrat» klubuna tälimçilik edipdi.

 

«Kaýrat» häzirki möwsümde ýaryş jedwelinde 3-nji orny eýeleýär, şeýle hem ol Konferensiýa ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykmaga ýakyn.

Klubuň baş tälimçiniň adyny şu gün, 22-nji awgustda yglan etmegine garaşylýar.


şu gün 14:09
1.7k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär...

şu gün 14:06
696

Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy...

şu gün 09:57
4.6k+

“PSŽ” 24 minutda “Realyň” bellisini edip, Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy

“PSŽ” fransuz kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Madridiň “Realyny” uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ist-Raterfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy...

düýn 20:06
4.7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...