Daşary ýurtly talyplar Russiýa gidip okuwlaryny dowam etdirip bilerler

  • 21.08.2021 19:31
  • 22k+

Daşary ýurtly talyplara okuwlaryny dowam etdirmek üçin Russiýa Federasiýasyna girmäge rugsat berler, giriş düzgünleri eýýäm işlenip taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar diýip, RF-iň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugy žurnalistlere habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Habarda Bilim we ylym ministrliginiň daşary ýurtly talyplar üçin döwlet serhetlerini açmak başlangyjy bilen çykyş edendigi aýdylýar. RF-iň çägine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça operatiw ştab okuwlary dowam etdirmek üçin girişe rugsat bermäge razylaşdy. Algoritm – daşary ýurtly talyplara RF-e gelmäge mümkinçilik berýän düzgünler ministrlik tarapyndan eýýäm taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar.  

Algoritm tassyklanylandan soň, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplarynyň gelip, okuwy adaty formatda dowam etdirip, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşip biljekdigi bellenilýär. Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň diýen ýaly okuw ýylyny adaty formatda başlaýandygyny habar berdi. 

Ol haýsydyr bir sebäp bilen Russiýa gelip bilmeýän daşary ýurtly talyplar üçin uzak aralykdan okamak üçin şertleriň dörediljekdigini belledi. Gürrüň şol sanda goşmaça okuwlar, aýratyn okuw meýilnamalary we ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýän beýleki çözgütler barada gidýär.


düýn 19:33
2.6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

26.04.2026 20:55
3.5k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

10.03.2026 18:21
5.3k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...