Sentýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçiriler

Sentýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçiriler

Höwesjeň aýdymçy çagalaryň arasynda her ýylda guralýan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyry şu ýylyň sentýabr aýynda — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçiriler. Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bu bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi, şolaryň ýeňijileri döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Bu özboluşly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Türkmen Lideri çagalaryň döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň uly meşhurlyga eýedigini belläp, ýaş zehinleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek gözden geçirilişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.