Medwedew Opelkadan üstün çykyp, Torontoda geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy

Medwedew Opelkadan üstün çykyp, Torontoda geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy

Rus tennisçisi Daniil Medwedew Torontoda geçirilen ýaryşyň finalynda amerikaly tennisçi Raýlli Opelkany 6:4, 6:3 hasabynda ýeňmegi başardy.

Çekeleşikli geçen duşuşyk jemi 1 sagat 27 minut dowam etdi. Oýunda Medwedew dört eýs etdi we dört goşa ýalňyşlyga ýol berdi, şeýle hem ýedi breýk-pointiň üçüsini netijeli ulanmagy başardy. Amerikaly tennisçi bolsa dört gezek pökgini dürs oýna girizdi, ikinji gezekde üç ýola ýalňyşlyk goýberdi, şeýle hem dört breýk-pointiň hiç birini hem netijeli ulanmagy başarmady.

Bu ýeňiş Medwedew üçin 2021-nji ýyldaky üçünji titul boldy. Mundan öň ol Malýorkadaky we Marseldäki ýaryşlarda ýeňiji bolupdy. Şeýlelikde, umuman alanyňda, Medwedew ATP ýaryşlarynda 12 gezek ýeňiş gazandy.