BMG Gaitidäki ýertitremede zyýan çekenler üçin 8 mln dollar bölüp berer

BMG Gaitidäki ýertitremede zyýan çekenler üçin 8 mln dollar bölüp berer

Birleşen Milletler Guramasy Gaitide bolan ýertitremäniň netijesinde zyýan çekenlere kömek hökmünde azyndan 8 mln dollar iberer diýip, Baş sekretaryň ynsanperwer meseleler boýunça orunbasary Martin Griffits habar berdi. Bu barada TASS belleýär.

“Men Gaitide bolup geçen ýertitremesine ynsanperwer seslenmäni goldamak üçin Adatdan daşary ýagdaýlara jogap beriş merkezi gaznasyndan 8 mln dollar bölüp berýärin. Bu pul tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken adamlara lukmançylyk kömegi, arassa suw, wagtlaýyn gaçybatalga we sanitar-öňüni alyş çäreleri üçin iberilýär” – diýip, ol Twitterde ýazdy.

Şenbe güni irden Gaiti sebitinde 7,2 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Onuň merkezi, takmynan, 125 müň ilaty bolan Le-Ke kommunasyndan 40 kilometr uzaklykda we 10 km çuňlukda ýerleşipdir. Resmi maglumatlara görä, 1 297 adam ýogaldy, 5,3 müňden gowrak adam ýaralandy. Ýug, Grand-Ans we Nipp departamentlerinde 13 müň töweregi bina, hususan-da lukmançylyk we dini edaralar ýumruldy. Hökümet bir aý adatdan daşary ýagdaý režimini girizdi.