2021-nji ýylyň iýuly gözegçilikleriň taryhynda iň yssy aý hökmünde hasaba alyndy

2021-nji ýylyň iýuly gözegçilikleriň taryhynda iň yssy aý hökmünde hasaba alyndy

2021-nji ýylyň iýuly, resmi taýdan, gözegçiligiň taryhynda iň yssy aý boldy. Bu babatda ol 2016-njy, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda goýlan rekordlary täzeledi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmenler bularyň hemmesiniň global howanyň üýtgemeginiň äşgär ýüze çykmasydygyna ynanýarlar. Alymlar bolsa ony, hususan-da, howanyň ýylamagynyň adatdan daşary howa hadysalaryna, şol sanda jöwza tolkunlaryna sebäp bolýandygynyň subutnamasy hasaplaýarlar. Gözlegçiler howanyň üýtgemeginiň esasy faktorlarynyň biri hökmünde adam işjeňligini öňe sürýärler.

Howanyň ýagdaýyna gözegçiligiň 142 ýyllyk taryhy bar we gysga bolmadyk bu döwür içinde 2021-nji ýylyň iýuly iň yssy aý hökmünde hasaba alyndy. Alymlaryň bellemegine görä, geçen aýda dünýäde gury ýer üstüniň we ummanyň ortaça temperaturasy XX asyryň ortaça temperaturasyndan 0,93 dereje ýokary boldy.