Ýaponiýanyň Premýer-ministri türkmen Liderini ýurduň ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlady

  • 15.08.2021 16:50
  • 19k+

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlap, ýörite gutlag hatyny ýollady.

Gutlag hatynda: «Sizi Tokioda geçirilen Olimpiadada Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan üstünligi, aýratyn-da, Siziň ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça ilkinji Olimpiýa medally türgeniň peýda bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Günüň dogýan ýurdunda — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde oýunlaryň kümüş medalyna eýe bolup, Türkmenistanyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi. 

Ýosihide Suga öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belläp, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesine bellenilmegine kanagatlanma bildirýändigini aýtdy. Ýaponiýanyň Premýer-ministri şeýle hem türkmen Liderini Sumitomo Corporation ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýanyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

Hatda geljek ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi barada aýdylyp, Ýaponiýanyň Hökümetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirilýär.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......