Amerikaly alymlar ýarany bir minutda bitirip bilýän gel döretdiler

  • 15.08.2021 08:47
  • 12k+

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň amerikaly barlagçylary dürli ýaraly näsaglara kömek edip biljek ýelim döretdiler. Ol käbir haýwanlaryň (gabygyň) daşlara ýapyşmakda ulanýan ýelmeşýän maddasyna çalym edýär diýip, ferra.ru ýazýar.

Alymlar ýelimiň ýörite (şol sanda leňňeç şekillileriň gabygyndan alnan) birleşmeleri lukmançylyk silikon ýagy bilen garyşdyrmak arkaly alnandygyny, onuň netijesinde emele gelen pasta maddasynyň ýarany çalt bitirmäge ukyply bolup çykandygyny belleýärler.

Synagyň netijeleri çalnandan eýýäm 15-30 sekuntdan soň bu geliň gataşýandygyny we ganyň akmagyny bes edýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, gel kesigiň göni üstüne çalynýar.

Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, täze tapylan geliň esasy artykmaçlyklarynyň biri - ony islendik görnüşdäki ýara çalyp bolýanlygyndadyr. Muny hatda iki taraply lenta hem başarmaýar diýip, çeşme belleýär.


düýn 15:04
1.2k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
914

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.5k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

11.05.2026 07:31
2.7k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....