Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar

  • 10.08.2021 18:42
  • 6.1k+

Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy hasaplanýan amerikan kinoteatrlar ulgamy AMC Theatres 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da seanslara petekler üçin töleg hökmünde bitkoinleri kabul edip başlajakdygyny aýtdy. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Adam Arona salgylanyp, “The Wrap” neşiri habar berýär diýip, rbc.ru belläp geçýär.

AMC Theatres – bitkoine petek satjak dünýäde ilkinji kinoteatrlar ulgamy. Kompaniýa gelen kararyny koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz ykdysady netijeleri bilen göreş wagtynda satuwy ýokarlandyrmak isleýändigi bilen düşündirýär.

AMC Theatres dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bolmak bilen, ABŞ-da 593 kinoteatra eýeçilik edýär. Şeýle-de, kompaniýa Odeon, UCI Cinemas we Carmike Cinemas britan kinoteatrlar ulgamy degişlidir.

Bitkoin bilen kinoseans üçin petegi AMC Entertainment resmi saýtynda satyn almak bolar.

Şu ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, AMC-niň ýitgisi 344 mln dollar boldy, kompaniýa ähli kinoteatrlarynyň işini diňe şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda gaýtadan dikeldip bildi.


şu gün 00:57
3.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......