Sebit ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisine gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy

  • 10.08.2021 08:16
  • 3.8k+

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi işini tamamlady. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň jemleri boýunça sergä gatnaşyjylara halkara derejedäki diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirildi.

Sergä import-eksport boýunça milli söwda birleşmeleri, iri köpugurly senagat kompaniýalary, önüm öndüriji kärhanalar, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň söwda düzümleriniň wekiliýetleri hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň kompaniýalary öz diwarlyklarynda ýokary hilli eksport ugurly harytlary, döwrebap tehnologiýalary, täze işläp taýýarlamalary we taslamalary görkezdiler. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy hem-de tejribe alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalary guralyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manada barabar boldy.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......