Испанские ученые придумали технологию получения воды из воздуха

  • 08.08.2021 02:22
  • 13k+

Ispaniýaly inženerler howadan suw almagy öwrendiler. Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, tehnologiýa gurak sebitleriň ýaşaýjylaryny suwsuzlykdan halas etmeli. Bu barada lenta.ru belleýär.

“Biziň maksadymyz – agyz suwunyň bolmadyk ýeri bolan bosgunlaryň düşelgeleri ýaly ýerlere barmak” – diýip, 1990-njy ýyllarda Ispaniýada güýçli gurakçylyk wagtynda howadan suwuklyk almagyň ulgamyny oýlap tapan 82 ýaşly inžener Enrike Weýga aýdýar. Oňa degişli bolan Aquaer kompaniýasy eýýäm Namibiýanyň jemgyýetini we liwaniýaly bosgunlaryň ýerleşýän ýerlerini arassa suw bilen üpjün edýär.

Kompaniýany esaslandyryjy bu pikiriň diňe bir netijeli däl-de, eýsem suw almak üçin birnäçe kilometri geçmeli bolýan adamlar üçin amatly gurluşy döretmekden ybarat bolandygyny aýtdy. Aquaer enjamlary kondisionerleriň işleýşi ýaly işleýärler – elektrik togunyň kömegi bilen howany suwa öwrülýänçä sowadýarlar.

Kiçiräk ykjam enjamlar günde 50-70 litr, has uly görnüşleri bolsa bäş müň litre çenli suw öndürip bilýärler. Weýganyň tehnologiýasynyň özboluşlylygy gurluşlaryň aşa ýokary temperaturada we pes çyglylykda hem howany gaýtadan işläp bilýändigindedir. Mysal üçin, olar 10 göterime çenli howa çyglylygy bilen 40 gradus yssyda hem suwuklyk çykaryp bilýärler.


вчера 20:31
2.2k+

Рекордная магнитная буря помогла понять, как Земля сама ослабляет свою защиту

Экстремальная магнитная буря, обрушившаяся на нашу планету в мае 2024 года и ставшая сильнейшей за последние двадцать лет, помогла физикам из Японии сделать важное открытие. Ученые выяснили: так называемый......

27.06.2026 10:53
2k+

Легче сахарной ваты: NASA открыло две сверхлёгкие экзопланеты

Космическая обсерватория NASA TESS совместно с наземными телескопами обнаружила две экзопланеты с чрезвычайно низкой плотностью. Они находятся в одной системе и связаны общими орбитальными взаимодействиями.......

27.06.2026 09:54
5k+

Ученые: молодые люди теперь биологически стареют быстрее, чем раньше

Исследование, опубликованное в журнале Nature Medicine, показало, что представители более молодых поколений могут иметь более высокий биологический возраст, чем представители предыдущих поколений в том же......

26.06.2026 23:37
4.8k+

Ученые уточнили возраст древнейшего кратера на Земле

Исследователи из Университета Кертина и Геологической службы Западной Австралии пришли к выводу, что возраст древнейшего известного кратера на Земле составляет около 3 млрд лет....