ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysy yzygider dördünji gezek Olimpiadanyň altyn medalyny gazandy

ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysy yzygider dördünji gezek Olimpiadanyň altyn medalyny gazandy

ABŞ-nyň basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň finalynda Fransiýanyň toparyny 87:82 hasabynda utdy. ABŞ-nyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary A toparda çykyş etdiler. Toparlaýyn tapgyrda fransiýaly türgenler 83:76 hasaby bilen ýeňiş gazandylar. 

ABŞ-nyň milli ýygyndysy yzygider dördünji gezek (2008, 2012, 2016, 2021) Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanýar. Fransiýanyň milli ýygyndysy Olimpiadanyň finalyna 2000-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çykýar. Şonda bu topar finalda amerikalylardan ýeňlip, kümüş medala eýe bolupdy. 

ABŞ-nyň hasabynda 36 altyn, 39 kümüş we 33 bürünç medal bar. Ol sanawda ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda Hytaýyň milli ýygyndysy (38-31-18) ýerleşýär.