Amerikaly suwda ýüzüji 100 m aralykda bir günde iki gezek dünýä rekordyny täzeledi

  • 05.05.2025 10:37
  • 3.5k+

Amerikaly suwda ýüzüji Grethen Uolş 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde bir günde iki gezek dünýä rekordyny goýdy.

Ol Fort-Loderdeýlde (ABŞ-nyň Florida taty) geçirilen ýaryşda deslapky ýüzüşde 55,09 sekunt netijäni görkezdi. Finalda bolsa öz netijesini 54,60 sekunta çenli gowulaşdyrdy. Öňki dünýä rekordy hem amerikala degişli bolup, 55,18 sekuntdy.
Uolş 22 ýaşynda. Ol 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda iki altyn we iki kümüş medal gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn, kümüş we bürünç medallary bar.
2024-nji ýylda gysga suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatynda Uolş ýedi altyn medal gazanyp, dokuz dünýä rekordyny goýdy.


22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......