Emomali Rahmonyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde 19 resminama gol çekildi

  • 04.08.2021 20:45
  • 12k+

4-nji awgustda Türkmenistana döwlet saparynyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşiklerden soňra döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama gol çekdi. Soňra iki döwletiň ministrlikleriniň we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 19 resminama gol çekildi. Soňra gepleşikleriň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......