Taryhda iň gymmat serialyň premýerasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bolar

Taryhda iň gymmat serialyň premýerasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bolar

Amazon studiýasy Jon R.R.Tolkiniň “Ýüzükleriň hökümdary” romany boýunça düşürilen serialyň premýerasynyň boljak senesini yglan etdi. Ol 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda dünýäniň 240 döwletinde elýeterli bolan Amazon Prime Video serwisinde çykar diýip, esquire.ru habar berýär.

Serial hepdede bir bölümden çykarylar. Täze Zelandiýadaky surata düşüriş işleri 2-nji awgustda tamamlandy, şondan soň taslama topary täze şoudan ilkinji kadry ýaýratdy.
Serialyň sýužeti Tolkiniň “Hobbit ýa-da Ol ýere we yzyňa” hem-de “Ýüzükleriň hökümdary” romanlarynda beýan edilen wakalardan müňlerçe ýyl ozal bolup geçen Ortaýeriň Ikinji eýýamyna ýüzlenýär. Tolkiniň äleminde Ikinji eýýamda häkimiýete Sauron gelýär.
“Ýüzükleriň hökümdary” taryhda iň gymmat serial bolar. “The Hollywood Reporter” neşiriniň ýazmagyna görä, Amazon diňe birinji möwsümiň surata düşürilmegi üçin 465 million dollar sarp etdi (deňeşdirsek: “Tagtlaryň oýnunyň” birinji möwsümi üçin ortaça 100 mln dollar sarp edildi).
Mundan başga-da, studiýa Tolkiniň kitaby boýunça serialyň we spin-offlaryň düşürilmegine hukuk almak üçin rekord möçberli 250 mln dollar töledi we söwdada Netflix-den üstün çykdy. Amazon-yň serialyň jemi bäş möwsümini çykarmagyna garaşylýar.