Türkiýeli gimnastikaçy taryhda ilkinji gezek Olimpiadanyň medalyny gazandy

  • 04.08.2021 11:10
  • 7.7k+

Ferhat Aryjan Türkiýä döwlet gimnastikasynyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny alyp berdi. Erkekleriň arasynda geçirilen parallel bruslardaky ýaryşda Aryjan Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalyny aldy. Türkiýeli türgen final tapgyrynda 15,633 bal gazandy.

Birinji orny 16,233 bal gazanan hytaýly gimnastikaçy Szou Szinýuan eýeledi. Kümüş baýrakçysy 15,700 bal bilen germaniýaly türgen Lukas Dauzer boldy. 
Tokioda çeper gimnastika boýunça ýaryşlarda erkekleriň arasynda Türkiýäniň wekili hökmünde Ibragim Çolak, Ferhat Aryjan, Ahmet Onder we Adem Asil, zenanlaryň arasynda – Nazly Sawranbaşy çykyş etdi. 
Belläp geçsek, Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Türkiýäniň hasabynda jemi 6 medal bar. Olaryň biri altyn, bäşisi bürünç medaldyr.


03.02.2026 19:59
5.2k+

N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy

Ýarym goragçy N'Golo Kanteniň ​«Al-Ittihad» saud klubundan Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna amala aşyrylmaly  transferi tehniki näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Stambul klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, transferiň bökdenmegi taraplaryň arasynda resminama çalşygy mahalynda ýüze çykdy...

17.12.2025 11:49
2.4k+

Türkmenistan türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionaty tamamlandy. Türki döwletleriň guramasynyň howandarlygynda 13-nji dekabrda geçirilen ýaryşa Azerbaýjanuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň ýygyndy toparlary we Türkiýeden üç topar gatnaşdy...

18.11.2025 18:05
5.2k+

Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Türkiýede geçirilen Mersin şäher häkimliginiň IX halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Ýaryş şweýsar ulgamynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi we oňa 19 ýurtdan gelen 360 küştçi gatnaşdy, olar dört dereje boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler...

12.11.2025 08:51
14k+

Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär...