R.Meredow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 03.08.2021 14:12
  • 4.1k+

Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar öňde boljak Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetini bellediler. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleri we giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda iki döwletiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän ykdysady hem-de medeni häsiýetli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Iki döwletiň arasynda ulag-üstaşyr gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, nebithimiýa pudagy bilen bir hatarda, energiýa we senagat hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ikitaraplaýyn mehanizmleriniň, şol sanda Türkmenistan — Özbegistan işewürler geňeşiniň ähmiýeti nygtaldy.
Saparyň çäklerinde Sardor Umurzakow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Gylyjow hem-de E.Orazgeldiýew bilen duşuşdy we söwda, dokma senagaty, şeýle-de oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


11.05.2026 22:55
965

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......