Lýuis Hemilton Wengriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 01.08.2021 15:24
  • 2.5k+

«Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Wengriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýaryş “Hungaroring” awtodromynda geçirilýär.

Hemilton özüniň iň gowy aýlawyny 1 minut 15,419 sekuntda geçdi. Ikinji netijäni hem “Mersedesiň” sürüjisi finlýandiýaly Waltteri Bottas (+0,315) görkezdi. Üçünji “Red Bulldan” niderlandiýaly Maks Ferstappen boldy (+0,421).
Ýaryş ýekşenbe güni aşgabat wagty boýunça 18:00-da başlanar.


düýn 11:22
1.4k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)...

16.06.2025 14:13
1.9k+

Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi. Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy...

12.06.2025 22:04
1.8k+

2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär. Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar...

02.06.2025 08:07
1.5k+

“Maklareniň” sürüjisi Piastri Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjysy Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Barselonada geçirildi. Ikinji bolup pellehana Piastriniň topardaşy britaniýaly Lando Norris geldi...