Türkmen Lideri Türkiýeli kärdeşine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi

Türkmen Lideri Türkiýeli kärdeşine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň birnäçe sebitinde adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýeri gelende bellesek, indi birnäçe günden bäri Türkiýe Respublikasynyň birnäçe sebitinde, hususan-da, Antalýa, Adana, Mersin, Mugla, Osmaniýe we Kaýseri welaýatlarynda tokaý ýangynlary dowam edýär. Rejep Taýyp Ärdogan bu zolakda bolup, tokaý ýangynlary zerarly zyýan çeken welaýatlara ilkibaşda 50 million türk lirasy (6 million dollar) möçberinde gyssagly kömegiň beriljekdigini mälim etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirki wagtda tokaý ýangynlarynyň köp böleginiň gözegçilik astyna alnandygy, Türkiýä Russiýadan, Ukrainadan, Azerbaýjandan hem-de Eýrandan ýangyn söndürýän uçarlaryň iberilendigi hakyndaky maglumatlar berilýär.