Ilatyň azyk harytlary bilen üpjünçiligi — Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde

  • 31.07.2021 16:22
  • 24k+

Awazada geçirilen Hökümetiň göçme mejlisiniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň zerur bolan harytlara, aýratyn-da, azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň hem-de olaryň işini guramagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.

Söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda garaşylýan netijeler barada aýdylanda, hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşiniň 117 göterim, öndürilen önümleriň möçberiniň ösüşiniň bolsa, 112,4 göterim bolmagyna garaşylýar.
Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112 göterime, nah matalaryň önümçiligi 102,6 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 119,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 102,8 göterime barabar bolar.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 167-si geçirilip, 18 müň 114 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,1 göterime barabar boldy.
Hususy ulgama berilýän uly goldaw netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleri öndürmegiň ösüşi, degişlilikde, 135 göterime we 109,1 göterime barabar bolar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......