Türkmenistan 2021-nji ýylda Gruziýa eksportynyň möçberini 2,5 esse artdyrdy

  • 31.07.2021 13:58
  • 7.3k+

2021-nji ýylda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Gruziýa iberilen mukdary 2,5 essä golaý ýokarlandy.

Gruziýanyň Nebit önümleri boýunça importçylar birleşiginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň alty aýynda awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň uly mukdary Rumyniýadan, Türkmenistandan we Russiýadan gelip gowuşdy. Hususan-da, işewürler ýurdumyzdan şol nebit önümleriniň 122,6 müň tonnasyny satyn aldylar, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 72,3 müň tonna köpdür. 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, iberilen önümleriň mukdary 3 essä golaý ýokarlandy.
Business Media Georgia habarlar agentligi, öz nobatynda, şu ýylyň birinji çärýeginde awtoulag benzinini we dizel ýangyjyny eksport eden  döwletleriň sanawyny çap etdi. Sanawyň başyny Türkmenistan çekýär: üç aýyň dowamynda ýurdumyzdan satyn alnan nebit önümleriniň umumy bahasy 32 million dollara deň boldy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda awtoulag benzininiň dürli görnüşleriniň 930 müň tonna golaýynyň we dizel ýangyjynyň 800 müň tonnadan gowragynyň öndürilendigini bellemek gerek.


13.06.2026 15:16
6.1k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
10k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

13.03.2026 23:32
6.3k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...