Французский город Ницца внесли в Список наследия ЮНЕСКО

  • 30.07.2021 14:07
  • 6k+

Fransiýanyň Nitsa şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada şäheriň häkimi Kristian Estrozi özüniň Twitter hasabynda mälim etdi.

Ol muny göwrümi we derejesi boýunça şäheriň taryhynda iň üýtgeşik waka diýip atlandyrdy. Belläp geçsek, Nitsa Fransiýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Ortaýer deňzi şäheridir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Miladydan öňki IV asyryň ortalarynda grekler tarapyndan esaslandyrylypdyr.
Nitsa 1793-nji ýylda Fransiýa goşuldy, ýöne 1814-nji ýylda bu ýer Sawoýyň düzümine girdi we 1860-njy ýyla çenli Sardiniýa Patyşalygynyň düzüminde galdy. Napoleonyň goşunlarynyň söweşlerinden soň şäher mylaýym howasy sebäpli dynç alyş ýeri hökmünde meşhur boldy.
Mundan ozal ÝUNESKO Liwerpuly Bütindünýä mirasynyň sanawyndan çykarypdy. Bu şäher Germaniýanyň Drezden şäheriniň golaýyndaky Elba Jülgesinden we Omanda ýerleşýän arap antilopa goraghanasyndan soň şu statusyny ýitiren üçünji ýer boldy.
ÝUNESKO-nyň sanawyna Nitsa bilen birlikde Hindistanyň gadymy Dholawira şäheri, Eýranyň daglyk Hawraman sebiti, Perunyň Çankillo monumental toplumy ýaly başga-da birnäçe desgalar girizildi.
Bütindünýä mirasynyň Komitetiniň mejlisi Hytaýyň Fuçžou şäherinde onlaýn tertipde dowam edýär.


вчера 21:46
6.7k+

Франция строит на острове Реюньон самую дорогую дорогу в мире

На французском острове Реюньон в Индийском океане продолжается реализация одного из самых сложных и дорогостоящих инфраструктурных проектов в истории страны — строительство новой прибрежной магистрали Nouvelle......

19.04.2026 13:06
5.2k+

​Сильнее обстоятельств: французский бегун преодолел 271 км пустыни на одном протезе

Француз Жереми Муррежо стал главным героем 40-го юбилейного Marathon des Sables («Песчаный марафон») — одного из самых экстремальных ультрамарафонов на выносливость, который проходит ежегодно в пустыне Сахара......

09.04.2026 19:44
1.3k+

Туркменские артисты выступили в Гретц-Арманвилье

В городе Гретц-Арманвилье во Франции прошёл концерт туркменских мастеров искусств. Мероприятие организовало Посольство Туркменистана совместно с профильным министерством....

09.04.2026 18:41
5.3k+

В Ашхабаде пройдет концерт Кристин Фонлюпт

10 апреля в Ашхабаде состоится концерт французской пианистки Кристин Фонлюпт. Об этом сообщил Французский институт в Туркменистане....