Hytaýly türgenler diňden sinhronlaýyn bökmekde Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar

Hytaýly türgenler diňden sinhronlaýyn bökmekde Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar

Hytaýly türgenler Ýuýsi Çen we Szýasi Çžan 10 metrlik diňden sinhronlaýyn suwa bökmekde Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar. Olaryň netijesi 363,78 bal boldy.

15 ýaşly Çen we 17 ýaşly Szýasi üçin bu karýeralarynda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medaly boldy.
Kümüş medala amerikaly Jessika Parratto bilen Delani Şnell (310,80 bal) mynasyp boldy. Bürünç medaly meksikaly türgenler Gabriele Agundes Garsii bilen Alehandre Orosko Lose (299,70 bal) aldy.