Russiýaly gylyçlaşýançy Sofiýa Pozdnýakowa Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Russiýaly gylyçlaşýançy Sofiýa Pozdnýakowa Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Russiýaly gylyçlaşýançy Sofiýa Pozdnýakowa Olimpiýa ýaryşynyň finalynda watandaşy Sofýa Welikaýany 15:11 hasaby bilen ýeňip, Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Welikaýa ikinji orny eýeledi we Russiýa kümüş medal alyp berdi. Üçünji orna fransuz Manon Brýune mynasyp boldy.

24 ýaşly Sofiýa Pozdnýakowa gylyç bilen gylyçlaşmak boýunça dört gezek Olimpiýa çempiony, Russiýanyň Olimpiýa Komitetiniň (ROK) ýolbaşçysy Stanislaw Pozdnýakowyň gyzydyr. Pozdnýakowa iki gezek dünýä we Ýewropa çempiony boldy. 
2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiadada hem Sofýa Welikaýa gylyçlaşmak boýunça ýaryşyň finalynda ýeňlip, ikinji orny eýeläpdi. Şonda birinji orny russiýaly Ýana Ýegorýan eýeledi. Welikaýa ýene bir kümüş medaly 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiadada koreýaly Kim Ji Ýenden ýeňlip aldy.