Kanadaly Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy

  • 26.07.2021 19:23
  • 2.1k+

Kanadanyň wekili Margaret Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy.

Ýeňiji bu aralygy 55,59 sekuntda geçdi. Ikinji orny hytaýly Çžan Ýuýfeý (yza galyş – 0,05), üçünji orny awstraliýaly Emma Makkeon (+0,13) eýeledi.
Maknil 21 ýaşynda. Mundan öň ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda kümüş medal gazanypdy. Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde 2019-njy ýylda dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä birinjilikleriniň iki bürünç medaly bar.
27 ýaşly Makkeon üçin bu baýrak Olimpiýa oýunlarynda altynjy boldy. Ol 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. Awstraliýalynyň hasabynda 2016-njy ýyldaky Oýunlaryň iki kümüş we bir bürünç medaly hem bar. 23 ýaşly Çžan Ýuýfeý Olimpiýa oýunlarynda ilkinji baýragyny gazandy.
100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde häzirki dünýä rekordynyň eýesi we 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony şwesiýaly Sara Şýostrýom finalda ýedinji orny eýeledi. Ýüzmek boýunça ýaryşlar 2-nji awgustda tamamlanar.


16.06.2025 14:13
1.9k+

Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi. Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy...

14.06.2025 09:53
2.1k+

Suwda ýüzüji Makintoş 5 günde üçünji dünýä rekordyny goýdy

Üç gezek Olimpiýa çempiony Sammer Makintoş Kanadanyň çempionatynda 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Täze netije 4 minut 23,65 sekunt boldy. Bu aralykda öňki rekord hem onuň özüne degişlidi...

11.06.2025 22:30
4.8k+

Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy

18 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Kanadanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. Ol milli saýlama ýaryşlarynda 2 minut 5,7 sekunt netijäni görkezdi...

08.06.2025 20:11
2.8k+

Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi...