Ýaponiýaly Horigome skeýtbording boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Horigome skeýtbording boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Ýuto Horigome “strit” dissiplinasynda ýeňiş gazanyp, skeýtbording boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy.

Horigome ýaryşyň netijeleri boýunça 37,18 bal gazandy. Ikinji braziliýaly Kelwin Hofer (36,15), üçünji ABŞ-nyň wekili Jagger Iton (35,35) boldy. Türgenlere medallary Halkara Olimpiýa Komitetiniň türgenler komissiýasynyň agzasy, şestli bökmekde iki gezek Olimpiýa çempiony Ýelena Isinbaýewa gowşurdy.
Horigome 22 ýaşynda, ol “stritde” Dünýä ligasynyň dört tapgyrynyň ýeňijisidir. Skeýtbordçy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna üçünji altyn medaly getirdi, bu hem ýapon toparyna medal sanawynda birinji orna çykmaga mümkinçilik berdi, toparyň hasabynda bir kümüş medal hem bar. Ikinji orny Hytaýyň milli ýygyndysy (3 altyn, 2 bürünç medal), üçünji orny ABŞ-nyň türgenleri (1-2-4) eýeleýär. Russiýanyň milli ýygyndysy bir altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanyp, Awstraliýanyň topary bilen dördünji orny paýlaşýar.
Skeýtbording Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda ilkinji gezek görkezilýär. Ony maksatnama girizmek barada karar 2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan kabul edildi. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda iki – “strit” we “park” dissiplinalarynda jemi dört medal toplumy oýnalar.